Soňky habarlar

Arhiw

BMG: 2022-nji ýylda bosgunlaryň sany 100 milliona ýetdi

15:0026.05.2023
0
22235

Geçen ýyl dünýäde bosgunlaryň sany 100 million adama ýetdi, 115 million adam bolsa häzir açlyk çekýär. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş hasabatynda aýtdy diýip, «Habar 24» ýazýar.

Muňa ýaragly gapma-garşylyklar sebäp boldy. Galyberse-de, raýat ilata kömek bermekde haýyr-sahawat guramalary hemişe howplardyr päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Guterriş uruşlar sebäpli azyk önümleriniň gymmatlaýandygyny hem-de azyk howpsuzlygy ulgamynda kynçylyklaryň döreýändigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň