Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan Türkmenistan we Eýran portlarynyň infrastrukturasyna maýa goýmagy teklip edýär

14:2026.05.2023
0
17550

Gazagystan Türkmenistanyň we Eýranyň deňizdäki we guryýer portlarynyň infrastrukturasynyň gurluşygyna bilelikdäki maýa goýumlarynyň mümkinçiligine garamagy teklip edýär. Muny Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 25-nji maýda Moskwada geçirilen Ýokary Ýewraziýa Ykdysady Geňeşiniň (SEEC) mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Tokaýewiň aýtmagyna görä, munuň özi Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň eksportynyň gerimini ep-esli giňelder, guramanyň agza ýurtlarynyň maddy-tehniki mümkinçiliklerini artdyrar.

Gazagystanyň Prezidenti EAEU-nyň Ýewropa bilen Aziýanyň, Günorta we Demirgazygyň arasynda birikdiriji halka boljakdygyna ynam bildirdi.

«Russiýa Federasiýasynyň Hytaý, Hindistan, Pakistan, Eýran, Ýakyn Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri üçin geçelge döretmek niýetini goldaýarys» diýip, Tokaýew belledi.

Şol bir wagtyň özünde Tokaýew, Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini Hazar transmilli ugry bilen bilelikde ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şu nukdaýnazardan ol Çelýabinsk — Bolaşak — Eýran demir ýolunyň uzynlygy 2873 kilometre barabar ýokary tizlikli ýük otlularyny işe girizmegi teklip etdi. Belläp geçsek, bu ýoluň Bolaşak—Eýran bölegi Türkmenistanyň çäginden geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň