Turkmenportal logo
26.05.23
1824218242
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nowak: ýylyň ikinji ýarymynda energiýa serişdeleri gymmatlap biler
Surat: dzen.ru

2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda Hytaýyň sarp edişi artdyrmagynyň hasabyna energiýa serişdeleriniň nyrhlary ýokarlanyp biler diýip, Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Nowak çaklaýar.


«Haçanda Hytaý kowidden çykanda, ol öz ykdysadyýetini çalt depginde dikelder diýen pikir bardy, emma iş ýüzünde onuň haýal dikelýändigini görýäris. Bu ýagdaý bazara täsir edýär. Hytaý tomusda energiýa serişdelerini has köp sarp edip başlasa, onda bazar başgaça hereket eder» diýip, Nowak «Rossiýa 24» teleýaýlymyna beren interwýusynda nygtady.


Bu barada «Interfax.ru» ýazýar.