Soňky habarlar

Arhiw

«Täze aragatnaşyk» dürli görnüşli IT-enjamlaryny satuwyny, gurnamak we tehniki hyzmat işlerini amala aşyrýar

10:3625.05.2023
0
20829

«Täze aragatnaşyk» hojalyk jemgyýeti dürli görnüşli enjamlary satmak, gurnamak we tehniki taýdan hyzmat etmek bilen baglanyşykly hyzmatlaryň baý toplumyny hödürleýär.

Kompaniýa telekommunikasiýalar pudagy, howpsuzlyk we wideogözegçilik ulgamlary, multimediýa enjamlary, ofis tehnikalary, şeýle hem serwer otaglary we ýangyna garşy gurluşlar üçin enjamlary hödürleýär.

«Täze aragatnaşygyň» hünärmenleri ýokardaky enjamlary gurnamak we tehniki taýdan kepillendirilen hyzmat etmek, gurluşly kabel ulgamlarynyň taslamasyny düzmek, çalyşmak we düzetmek hyzmatlaryny hem amala aşyrýarlar. Kompaniýanyň ähli işlerine we enjamlaryna 1 ýyla çenli kepillik berýär. Şeýle hem zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda tehnikalaryň kepillendirilen abatlaýyş işleri amala aşyrylýar.

«Täze aragatnaşyk» HIK Vision, Bosch, Dell, Samsung, HP ýaly we beýleki meşhur haryt nyşanlarynyň enjamlaryny hödürleýär.

«Täze aragatnaşyk» 10 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň IT-bazarynda hereket edip gelýär. Kompaniýa iň iri kompýuter we telekommunikasiýa enjamlaryny öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edýär, şeýle hem «DCN networks» haryt nyşanynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysydyr (distribýutorydyr). «Täze aragatnaşyk» beýleki artykmaçlyklanyň hatarynda – meseleleri çözmek üçin sowal-jogap gullugynyň, ammarda köp sanly haryt görnüşleriniň we şäheriň içine eltip bermek boýunça hususy gullugynyň bolmagyny bellenilip bilner.

«Täze aragatnaşyk» Türkmenistanyň ähli sebitleri we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Kompaniýanyň taslamalarynyň hatarynda Aşgabadyň 12, 13, 14, 15 we 16-njy tapgyrlarynyň, şeýle hem Aşgabadyň Gurtly kiçi etrapçasynyň ýaşaýyş jaýlaryny domofon ulgamlary bilen enjamlaşdyrmak, «Garagum» myhmanhanasynda, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, Aşgabadyň Köpetdag etrap kazyýetinde we beýleki desgalarda wideo gözegçilik ulgamlaryny oturtmak boýunça işleri bardyr.

«Täze aragatnaşyk» HJ-niň merkezi edarasy şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat Taslama köç., 6. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 90 43 50, (+993 12) 90 43 80.

Elektron poçta salgysy: info@ta-tm.com

Bellik: habar «Sarayan» kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat gazanyň» aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň