Sosial ulgamy ulanyjylar 1937-nji ýylda döredilen nakgaşlyk eserinde «iPhone» eltelefonyna meňzeş enjamy tapdylar diýip, «Independent» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Ony bir erkek kişi jaňa jogap bermekçi bolýan ýaly elinde saklap dur.
«Jenap Pinçon we Springfildiň ýaşaýjylary» atly nakgaşlyk eseri italýan suratkeşi Umberto Romano tarapyndan döredilipdir. Onda Springfildi esaslandyryjy Uilýam Pinçon we indeýler şekillendirilipdir.
Internetden peýdalanyjylaryň ünsüni suratda keşbi şekillendirilen indeýleriň biri özüne çekipdir, ol elinde häzirki zaman «iPhone» smartfonlaryna meňzeş enjamy saklap dur.
«Ol şol eli daňylgy ýigidiň brauzeriniň taryhyna seredýäne meňzeýär» diýip, eser barada pikirini paýlaşýanlar degişdiler.
Megerem, Romanonyň eserindäki smartfona meňzeş zat şol döwürde meşhur bolan ýüz görülýän aýna ýa-da paltanyň sapy bolsa gerek diýlip, habarda aýdylýar.

