Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebedew: GDA bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň saklanylmagy möhüm

16:0124.05.2023
0
20440

Şu hepdäniň sişenbe güni Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin döwlet sylaglaryny gowşurdy, Kremliň Ýekaterina zalyna çagyrylanlaryň arasynda GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem bar diýip, «MIR 24» habar berýär.

«Russiýa üçin GDA ýurtlary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege goldaw bermek gatnaşyklaryny saklamak möhümdir. Men munuň üçin elde barymy etjekdigine söz berýärin. Ertir Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň ýygnagy bolar, Moskwa Arkalaşygyň ýurtlarynyň Liderleri gelerler. Men dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde tüýs ýüregimden rowaçlyk, üstünlik arzuw edýärin» diýip, Lebedew aýtdy.

RF-iň döwlet Baştutanynyň elinden ýurduň döwlet işgärleri, syýasatçylar, jemgyýetçilik we medeniýet işgärleri baýraklary aldylar.

Ýurduň Konstitusion kazyýetiniň başlygy Wýaçeslaw Zorkin we Tatarystanyň birinji Prezidenti Mintimer Şaýmiýew Keramatly apostol Andreý Perwozwannyý ordeni bilen sylaglandy.

Çeçenistanyň döwlet Baştutanynyň ýanýoldaşy, 13 çaganyň ejesi Medni Kadyrowa «Gahryman ene» hormatly ady dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň