Ruslan Mingazow Gonkongyň futbol çempionatynyň iň gowy oýunçysy boldy

23:0023.05.2023
0
16374

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we «Kitçi» futbol toparynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň premýer ligasynyň 2022 ― 2023-nji ýyllardaky möwsüminiň «Iň gowy futbolçysy» diýlip yglan edildi. Bu barada Gonkongyň Futbol birleşiginiň resmi saýty habar berdi.

«Kitçä» geçen ýylyň mart aýynda erkin oýunçy hökmünde goşulan Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatyndaky ilkinji türkmenistanly futbolçydyr.

31 ýaşly futbolçy çempionatyň geçen möwsüminde 18 duşuşyk geçirip, olarda 17 gezek tapawutlandy.

Ruslan Mingazow «Kitçiniň» düzüminde ýurduň Kubogyna, Gonkong Senýor Şild kubogyna hem-de çempionlyga mynasyp boldy.

Türkmenistanly ýarym goragçynyň oýnundan klubyň ýolbaşçylary we tälimçiler düzümi hem olar şu ýylyň başynda Ruslan Mingazow bilen baglaşylan şertnamany 2025-nji ýyla çenli uzaltdylar.

Ýeri gelende aýtsak, Germaniýanyň «Transfermarkt» portalyna görä, Ruslan Mingazow iň gymmat bahaly türkmenistanly futbolçydyr. Onuň transfer bahasy 55 müň ýewro ýetýär.

Ruslan Mingazow daşary ýurtlaryň çempionatlarynda öňe saýlanan ilkinji türkmenistanly futbolçy däldir. Geçen ýyllarda derwezeçi Rahat Japarow hem Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çempionatlarynda «Iň gowy derwezeçi» diýlip yglan edilipdi.

Ýokary ukyp-başarnyga eýe türkmenistanly futbolçylara häzir dünýä döwletleriniň çempionatlaryndan gyzyklanma uly. Olar häzir çempionatdan daşary Gonkongyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Litwanyň we beýleki döwletleriň çempionatlarynda çykyş edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň