Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi

22:0622.05.2023
0
20064

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri, döwlet derejesinde geçiriljek çärelere, aýratyn hem, Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler hem-de gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýaş nesiller we olaryň terbiýesi, şol sanda howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek babatda döwlet tarapyndan geljekde-de yzygiderli tagalla ediljekdigi barada aýdyldy.

Şeýle-de mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy oňa gatnaşyjylar bilen ýerlerde alnyp barylýan işler barada pikir alşyp, öňde duran möhüm çärelere taýýarlyk görmek, ýakyn günlerde galla ýygnamaga girişmek meseleleri we obadyr şäherleriň ýagdaýlary babatda söhbetdeş boldy.

Mejlisiň barşynda Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisine gatnaşýan, Aşgabat şäherine we ýurduň welaýatlaryna wekilçilik edýän ýaşulular, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory çykyş edip, alnyp barylýan işler barada aýtdylar hem-de döredýän giň mümkinçilikleri, ýaş nesiller hakyndaky taýsyz tagallalary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Serdar Berdimuhamedowa alkyşlaryny, hoşallyklaryny beýan etdiler.

Mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

— Ýaşulular, sag boluň! Bu gün gowy zatlar hakynda söhbet etdik. Çagalarymyzyň geljegi hakynda özara pikir alyşdyk. Bularyň ählisi biziň aýdyň ertirlerimiziň eýesi bolan çagalar hakynda aladamyzyň güwäsidir. Hormatly ýaşulularyň ýaşlarymyzyň arasynda uly orny bar — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň dowamy bolan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabyny ýazyp tamamlap gelýändigini we onuň ýakyn günlerde giň okyjylar köpçüligine gowuşjakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň