Turkmenportal logo
21.05.23
2138821388
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futzal, Naýbaşy liga: «Deňizçi» çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy futzal boýunça Naýbaşy liganyň 10-njy tapgyrynyň duşuşyklarynyň geçirilendigini habar berdi.


Tapgyrda ýaryşyň kerwenbaşysy «Köpetdag» Daşoguzyň «Turanyny» 16:2 hasabynda ýeňip, utugyny 28-e çykardy. Bu duşuşykdan soňra «Köpetdag» Naýbaşy liganyň şu möwsüminde 60 gol geçiren ilkinji topar boldy. 2 utukly «Turan» bolsa ýaryşyň ýedinji basgançagynda.


«Köpetdag» bilen gyzgalaňly çempionlyk ýaryşyna giren «Deňizçi» tapgyrda maksadyna barýan ýolda agyr ýara aldy. Topar «Senagatbankdan» 1:2 hasabynda ýeňildi. Şeýlelikde, 22 utukda galan «Deňizçi» bilen «Köpetdagyň» utuk tapawudy 6 utuga göterildi. Utugyny 19-a çykaran «Senagatbank» bolsa «Deňizçi» bilen aralygy 3 utuga çenli ýygryp, kümüş medal üçin göreşe goşuldy.


«Gümrükçi» tapgyrda «Migrasiýany» 4:1 hasabynda ýeňip, utugyny 17-ä çykardy. «Migrasiýa» bolsa 9 utukda galdy.