«China Southern Airlines» Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär

19:2420.05.2023
0
24039

«China Southern Airlines» Hytaýyň Urumçi şäheriniň üsti bilen Siandan (Hytaý) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine yzygiderli gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi diýip, «Trend» habar berdi.

Awiakompaniýanyň habaryna görä, Sian — Urumçi — Aşgabat uçuşy her şenbe güni amala aşyrylar. Siandan ýolagçylar Pekin wagty bilen 17:30-da (GMT+8) ugrap, 23:10-da (GMT+5) Aşgabat şäherinde gonarlar.

Yzyna gaýdyşyn uçuş ýekşenbe güni sagat 00:40-da (GMT+5) Aşgabatdan ugrar we 12:30-da (GMT+8) Sian şäherine baryp ýeter.

«China Southern Airlines» Hytaýdan Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine göni uçuşlary hödürleýän ýeke-täk gatnawçydyr.

«China Southern Airlines» Guançžouda (Hytaý) ýerleşýär. Ol flotunyň ululygy boýunça Aziýanyň iň uly awiakompaniýasy, şeýle hem Aziýanyň iň uly howa gatnawçysydyr.

Belläp geçsek, häzirki wagtda Türkmenistana uçuşlary dört sany daşary ýurt howa gatnawçylary — «Belawiýa», «S7 Airlines», «FlyDubai» и «Turkish Airlines» amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň