Turkmenportal logo
19.05.23
5888158881
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident Serdar Berdimuhamedow Siandaky «Dostluk» seýilgähinde nar agajyny ekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Siandaky «Dostluk» seýilgähinde nar agajyny ekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen bilelikde Sian şäherindäki «Dostluk» seýilgähinde nar nahallaryny oturtdy.


Dabara «Merkezi Aziýa — Hytaý» birinji sammitiniň ahyrynda geçirildi. Döwlet Baştutanlary nar nahallaryny oturtdylar we ýadygärlik surata düşdüler. Bu barada «MIR 24» habar berýär.


Bellenilişi ýaly, nar Hytaýda agzybirligiň we uzak ömrüň nyşany hasaplanýar.