Soňky habarlar

Arhiw

Myrat Ýagşyýew «Neftçiniň» düzümindäki ilkinji resmi goluny geçirdi

14:2119.05.2023
0
40261

Myrat Ýagşyýew Gyrgyzystanyň «Neftçi» toparynyň düzümindäki ilkinji resmi goluny urdy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Gyrgyzystanyň çempionatynyň 9-njy tapgyryndan orun alan myhmançylykdaky oýnuň 97-nji minutynda «OşMU-Aldiýeriň» derwezesine gol geçirip, toparyna ýeňiş (3:2) getirdi.

Ýeri gelende bellesek, 31 ýaşly hüjümçi şu möwsümde «Neftçiniň» düzüminde jemi 9 oýunda meýdança çykdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Myrat Ýagşyýew 2023-nji ýylyň mart aýynda «Altyn asyry» terk edip, Gyrgyzystanyň «Neftçi» toparynyň düzümine goşuldy. Oýunçy bu topar bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy.

«Neftçi» häzirki wagtda Gyrgyzystanyň çempionatynda 9 oýunda toplanan 16 utuk bilen ikinji ýerde barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň