Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow türkmen tebigy gazyny Hytaýa ibermek bilen bagly täze taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi

10:0019.05.2023
0
27522

Ozal habar berşimiz ýaly, Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Şeýle-de iki ýurduň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi. Olarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alyp maslahatlaşyldy.

Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hem ýangyç-energetika pudagydyr. Mälim bolşy ýaly, gol çekilen şertnamalara we ylalaşyklara laýyklykda, 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa türkmen tebigy gazy bökdençsiz iberilýär. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanan energetika syýasatyny alyp barýandygyny nazara almak bilen, bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda pikir alşyldy.

— Türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge esaslanan Türkmenistanyň energetika syýasatyny nazara almak bilen, taraplar gyzyklanan halatda biz türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri hem dowam edip bilerdik — diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň