Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

15:4118.05.2023
0
32932
Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy
Surat: russian.news.cn

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi.

Döwlet Baştutanlar halkara düzümlerde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegini, şeýle hem söwda-ykdysady, energetika, ulag, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem taraplary gyzyklandyrýan halkara we sebit meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşyp, parahatçylygy, howpsuzlygy we ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmek işinde hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça garaýyşlaryň doly gabat gelýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki birinji Sammitine gatnaşmak üçin Hytaýa çakylygy üçin, HHR-iň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurda häzirki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik döredýändigini belledi.

Ýokary derejedäki gepleşikler tamamlandan soňra, döwlet Baştutanlaryň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň