Turkmenportal logo
18.05.23
2671826718
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna niýetlenilen ýaşaýyş jaýy açyldy
Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna niýetlenilen ýaşaýyş jaýy açyldy

Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna niýetlenilip gurlan ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýty habar berýär.


Çeşmäniň ýazyşy ýaly, dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Milli Lider bu ýerde gutlag sözi bilen çykyş etdi hem-de täze jaýyň toý bagyny kesip, ony dabaraly ýagdaýda açyp berdi.


Täze jaý paýtagtyň Parahat ― 7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşýär. 9 gatly jaý 54 öýden ybaratdyr.