Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 4 aýda Gyrgyzystana 1,6 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny eksport etdi

16:2617.05.2023
0
16270

Türkmenistan Gyrgyz Respublikasyny elektrik energiýasy bilen esasy üpjün edijileriň biri bolmagynda galýar. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli energetika holdinginiň başlygy Taalaýbek Baýgaziýew mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistan umumy mukdary 1,6 milliard kilowat-sagada deň elektrik energiýasyny Gyrgyzystana eksport edipdir. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ýurdy elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde iň esasy döwletleriň biri hökmündäki ornuny berkidýär. Deňeşdirmek üçin, hasabat döwründe Gyrgyzystan Russiýa Federasiýasyndan ýarym milliard kilowat-sagatdan gowrak, Gazagystandan bolsa 500 million kilowat-sagada golaý elektrik energiýasyny import edipdir.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edýär. Bilermenler şu ýyl Gyrgyzystanda elektrik energiýasyna bolan islegiň geçen ýyldakydan 1 milliard kilowat-sagat artyp, 17 milliard kilowat-sagada (şonuň 14 milliard kilowat-sagady ýurduň içinde öndürilýär) deň boljakdygyny aýdýarlar. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň Gyrgyzystana has köp elektrik energiýasyny eksport etmegine şert döredýär.

Maglumat üçin, 2022-nji ýylda Türkmenistan 9 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny eksport etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň