Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistan elektrik energiýasynyň ýylda 9 milliard kilowat-sagadyny eksport eder

12:3305.09.2022
0
20154

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda elektrik energiýasynyň Owganystandan başga-da, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana hem eksport edilýändigini, şu ýylda onuň möçberini 9 milliard kilowat-sagada ýetirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Bu görkeziji, 2013-nji ýyldaka garanyňda, 3,3 esse ýokarydyr. Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we talyplary bilen bolan duşuşykda aýtdy.

Has takygy, häzirki wagtda ýurtda kuwwatlylygy 6943,2 megawata deň bolan jemi 12 sany elektrik stansiýasy bolup, olarda 51 sany turbina desgasy bar. Gaz turbinalar — 39 sany, bug turbinalar — 12 sany.

Şeýle hem Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynda elektrik energiýasynyň artykmaç öndürilen bölegi şol ýerden Özbegistan Respublikasyna eksport edilýändigi aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň