Aktýor Maýkl Duglasa düýn – 16-njy maýda Fransiýanyň Mawy kenarynda açylan Kann kinofestiwalynyň hormatly «Altyn palma şahasy» baýragy gowşuryldy diýip, TASS habar berdi.
78 ýaşly artiste baýragy aktrisa Uma Turman we dabarany alyp baryjy Kýara Mastroýani gowşurdy.
«Bu baýrak we ýakymly sözler üçin sagboluň. Bütin dünýäde ýüzlerçe kinofestiwal bar, emma Kann ýeke-täk. Bu festiwalyň 76 ýaşy bar, emma men ondanam uly» diýip, Duglas sahnada çykyş edende, minnetdarlyk bildirdi.
Aktýor kino sungatyna goşan goşandy üçin hormat baýragyny alanda, zalda oturanlar ör turup el çarpdylar. Ol festiwala aýaly Ketrin Zeta-Jons hem-de gyzy Keris bilen bile geldi.
Bu ýyl Kann kinofestiwalynyň esasy bäsleşigine filmleriň 21-si gatnaşýar.
Halkara Kann kinofestiwaly 1946-njy ýyldan bäri her ýylyň maý aýynda Kann şypahana şäherinde geçirilýär.
Kinofestiwal 27-nji maýa çenli dowam eder.
