Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň wekilleri iň köp berilýän sowallara jogap berdiler

12:2313.05.2023
0
91694

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň wekillerine, köplenç, sürüjilik okuwlary bilen baglanyşykly soraglar berilýär, mysal üçin, gerekli bolan resminamalaryň sanawy, okuw tamamlanandan soňra sürüjilik mekdebi tarapyndan nähili resminamalar berilýär we ş.m. Aşakda sürüjiler we sürüjilik mekdebinde okamagy meýilleşdirýänler tarapyndan berilýän iň meşhur sowallaryň jogaplary getirilýär.

Sowal: Awtomobil mekdebine ýazylmak üçin haýsy resminamalar gerek?

Jogap: Size aşakdaky resminamalar gerek bolar

  • pasport ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga bir resminamasy;
  • 3-e 4 sm ululykdaky iki fotosurat;
  • okuw üçin töleg geçirilendigi barada resminama (bank karty bilen töleg geçirmek mümkindir; sürüjilik mekdebinde, adatça, «Türkmenbaşy» bankynyň töleg geçirilýän bölümi bardyr);
  • saglyk ýagdaýy hakynda narkologdan we psihiatrdan kepilnama;
  • saglygy goraýyş edarasynyň No083/h görnüşindäki kepilnamasy.

Sowal: Haýsy ýaşdan başlap sürüjilik mekdebinde ulag sürmegi öwrenip bolýar?

Jogap: Türkmenistanyň Kanuny esasynda 18 ýaş bellenilýär, ulag sürmegi diňe kämillik ýaşyna ýeten raýatlar öwrenip biler.

Sowal: Sürüjilik mekdebini tamamlanyňda nähili resminama berilýär we onuň hereket ediş möhleti näçe?

Jogap: Sürüjilik mekdebinde okuwlary geçenlere döwlet tarapyndan degişli şahadatnama berilýär, bu şahadatnamanyň hereket ediş möhleti çäklendirilmeýär.

Sowal: Şahadatnama ýitirilen ýagdaýynda sürüjilik mekdebinde gaýtadan okuwlary geçmek gerekmi?

Jogap: Awtomobil mekdebinde gaýtadan gaýtadan okuwlary geçmek talap edilmeýär. Awtomobil mekdebinde okandygyňyz hakyndaky şahadatnama ýitirilende, onuň nusgasyny (dublikat) tölegli esasda alyp bilersiňiz.

Aşgabadyň Awtomobil mekdebi şu salgyda ýerleşýär: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 424. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 44 33 19, (+993 12) 44 33 20.

Welaýatlardaky Awtomobil mekdepleriniň salgylaryny we habarlaşmak üçin maglumatlaryny Birleşigiň saýtynda tapyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň