Soňky habarlar

Arhiw

Hünärmenler sürüjilere ulagy ýadaw sürmegi, ulagy dolandyrýarka naharlanmagy we gaty sesli aýdym diňlemegi maslahat bermeýärler

11:1610.05.2023
0
54138

Awtoulag sürmegiň sürüji bilen ýolagçylar üçin bolşy ýaly, pyýadalar üçin hem howpsuz bolmagy üçin ýol hereketiniň düzgünlerinde göz öňünde tutulan birnäçe berk talaplary berjaý etmeli. Şeýle hem ulag dolandyrylanda hiç hili edilmeli däl hereketler bar diýip, Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň wekili “Turkmenportal” neşirine beren interwýusynda belläp geçdi.

1. Howpsuzlyk kemerini dakynman ulagy dolandyrmak we ýolagçylara howpsuzlyk kemerini dakynmazdan ulagda gitmäge rugsat bermek. Howpsuzlyk ýassygy açylman ýa-da biraz gijä galyp açylyp biler, howpsuzlyk kemerini dakynmadyk ýolagçynyň ýassyk bilen çaknyşyp, has agyr şikes almak töwekgelçiligi bardyr.

2. Ukusyz gijeden soň, bedeniň gyzgyny ýokary bolanda ulagy dolandyrmak. ýaly Agyr ýadawlyk alkogol ýaly täsir edýär – üns kütelişýär, görüş ýitiligi we reaksiýa tizligi peselýär. Sürüjiniň uklap galmagy sebäpli ýol heläkçilik hadysalary örän ýygy duş gelýär. Mundan başga-da, gaharly, birahat ýa-da gaýgyly ýagdaýda ulagy dolandyrmak maslahat berilmeýär.

3. Telefonda gürleşmek we tekst habarnamalaryny ibermek, ýolagçy bilen hemişe oňa tarap seredip gürleşmek.

4. Awtoulagyň penjiresi açyk ýagdaýda öý haýwanlary daşamak. Eger haýwanyň göwrümi kiçi bolsa, ol hereket wagtynda ulagdan böküp, başga bir ulagyň aşagynda galyp biler. Hereket wagtynda penjiräni açyk saklamak zerur bolsa, haýwan ýüp bilen ýa-da gursaklyk bagy (şleýka) bilen pugta berkidilmelidir.

5. Gaty ses bilen ritmli saz diňlemek. Belent basly we ritmli saz sizi, özüňiz duýmazdan, has çalt we agressiw sürmäge mejbur edýär, beýleki awtoulaglaryň sesli duýduryşlaryny (signallaryny) eşitmegi kynlaşdyrýar we umumylykda ýoldan ünsüňi sowýar.

6. Ulag dolandyrylýarka içmek we iýmek. Iýmitlenmek prosesi ýoldan ünsüňi sowýar, sürüji iýmitiň dökülmegi ýa-da ýere gaçmagy töwekgelçiligini başdan geçirýär, bu bolsa goşmaça ünsüňi sowujy faktordyr.

Bu ýönekeý düzgünler ýollarda heläkçilikli ýagdaýlardan gaça durmaga hem-de saglygyňy we janyňy gorap saklamaga kömek eder.

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň işi bilen onuň saýtynda ýa-da +993 (12) 44 33 19, +993 (12) 44 33 20 telefon belgilerine jaň edip, has giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz.

Elektron poçta salgysy: info@awtomekdep.edu.tm

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň