Turkmenportal logo
10.05.23
3004830048
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Täjigistan ýörite gulluklar boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
Türkmenistan bilen Täjigistan ýörite gulluklar boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

Duşanbede geçirilen gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon şu gün ýörite gulluklar boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar. Bu barada täjik Lideriniň metbugat gullugy onuň metbugat beýanatyna salgylanyp habar berdi.


«Täze kynçylyklara we howplara garşy göreşde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigimizi tassykladyk. Ýörite gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdyk» diýlip, Emomali Rahmonyň metbugat beýanatynda aýdylýar.


Şunuň bilen bir hatarda, taraplar gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky häzirki ýagdaý barada hem pikir alyşdylar.


«Ýakyn goňşy hökmünde biziň bu ýurtda uzak möhletli parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmak bilen içgin gyzyklanýandygymyz nygtaldy» diýip, täjik Lideri öz metbugat beýanatynda belleýär.



Şeýle-de okaň: