Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow Duşenbede garşylandy we türkmen-täjik gepleşiklerine gatnaşdy

13:4210.05.2023
0
42905
Serdar Berdimuhamedow Duşenbede garşylandy we türkmen-täjik gepleşiklerine gatnaşdy
Surat: asiaplustj.info

Şu gün Duşenbe şäherindäki «Kasri Millat» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, köşgüň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň ikiçäk duşuşygy geçirildi. Köşgüň «Ojakly» otagynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýlary we geljegi nazara almak bilen, onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Duşuşygyň dowamynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Emomali Rahmon özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Hususan-da, halkara düzümleriň çäklerindäki syýasy dialogy işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmak, ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy hereket etmek, sebitiň suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, Aral meselesini çözmekde bilelikdäki işleri has-da ilerletmek ýaly ugurlar türkmen-täjik gepleşikleriniň esasyny düzdi. Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda Täjigistanyň paýtagtynda geçiriljek ýokary derejeli çäreleriň ikisiniň — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Liderleriniň sammitiniň ähmiýetine ünsi çekip, türkmen tarapynyň dostlukly ýurduň bu ugurdaky tagallalaryny doly goldaýandygyny belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa, azyk, dokma, derman senagatynyň, oba hojalyk ulgamynyň önümleriniň, beýleki harytlaryň söwdasy babatda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ep-esli derejede giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Taraplar ýangyç-energetika, ulag, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezip, anyk teklipleri beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň