Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler

16:5410.05.2023
0
24053

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon «Kasri Millat» köşgüniň «Aýnaly» otagynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Emomali Rahmon: «Ýaňy Jarnamany kabul etdik we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary çuňňur strategiki hyzmatdaşlygyň derejesine çykardyk. Bu taryhy Karar halklarymyzyň umumy bähbitlerine laýyk gelýär we sebitiň ösüşinde we durnuklylygynda möhüm faktorlardan biridir» diýdi.

Täjik Lideri Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana saparyny iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli möhüm waka diýip atlandyrdy we ähli derejelerde yzygiderli syýasy gepleşikleri geçirmegiň möhümdigini aýtdy.

Täjigistanyň Prezidenti gepleşikleriň dowamynda söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara wekiliýetiniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada ylalaşyk gazanylandygyny belledi.

«Ýurtlarymyzyň hökümetleri ykdysady gatnaşyklaryň hil taýdan ýokarlanmagy üçin degişli teklipleri taýýarlar we hödürlär. Söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada gol çekilen resminamalar şübhesiz bu meseläniň çözülmegine goşant goşar» diýip, täjik Lideri aýtdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň