«Ak Ýol» toý mekanynda bellenilýän maşgala dabaralaryna gelen körpejeleriň bagtyýar güýmenmegi hem-de şatlanmagy üçin toý mekany şowhun dörediji animatorlaryň hyzmatyny hödürleýär. Animatorlaryň hyzmaty toý mekanyny sargyt edýän islendik müşderi üçin tölegsizdir.
Dabarada uly ýaşlylaryň «Ak Ýol» toý mekanynyň teribeli aşpezleriniň taýýarlan datly tagamlaryndan lezzet alýan mahalynda çagalar animatorlaryň şatlyk-şowhuna beselenen şowlary bilen wagtlaryny hoş geçirerler. Gyzgalaňly bäsleşiklerdir güýmenje oýunlary çagalara ýatdan çykmajak pursatlary bagyş eder.
«Ak Ýol» restoranynda animatorly dabaralary guramak üçin şu telefon belgiler arkaly habarlaşmak bolýar: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.
Mundan başga-da, toý zalynyň tölegsiz ýetirilýän hyzmatlaryna süýjülik torty, zalyň bezegi, media faýllary görkezmek üçin ekran, yşyklandyryş we ses enjamlary we beýlekiler girýär.
«Ak Ýol» toý mekanynyň 10 dürli tagamnamalaryny hödürlemek bilen, müşderilere dabaranyň guramaçylyk işlerini örän ýeňilleşdirýändigini ýatladýarys. Bu ýerde sadaka bermek üçin tagamnamanyň bahasy 85 manatdan, toý we oturlyşyk dabaralary üçin bolsa 150 manatdan başlanýar.
«Ak Ýol» toý mekany «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde, şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý.
Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: