Turkmenportal logo
05.05.23
4449244492
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda geçirilen ulag forumynda MDP-ny kepillendirmek hakyndaky Ylalaşyga Goşmaça gol çekildi
Aşgabatda geçirilen ulag forumynda MDP-ny kepillendirmek hakyndaky Ylalaşyga Goşmaça gol çekildiSurat: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmen halkara awtoulaglary daşaýjylaryň assosiasiýasy» hojalyk jemgyýetiniň başlyklary Elektron maglumat alyş-çalyşy arkaly MDP-niň düzgünlerinden peýdalanmak babatda 2001-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky MDP-ny kepillendirmek hakyndaky Ylalaşyga Goşmaça gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.


Gol çekmek dabarasy 2023-nji ýylyň 4-nji maýynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» atly halkara maslahatyň çäginde geçirildi.


Habar berlişi ýaly, resminama elektron maglumat alyş-çalyşy arkaly MDP amaly boýunça harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegini düzgünleşdirýär. Gümrük edaralary tarapyndan berilýän elektron maglumat MDP amalynyň başlandygyny we tamamlanandygyny görkezýän hukuk subutnamasy hasaplanýar.


Goşmaça ylalaşyga laýyklykda, çap edilen resminama MDP kitapçasynyň deregine ulanylyp bilner.