Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara ulag forumynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi

22:1203.05.2023
0
14916

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran forumyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşýar. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň işgärleri, bilermenler, maýadarlar, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Wekilleriň hatarynda «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Cargolux», «Lufthansa Consulting» ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň, Halkara gämiçilik edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag forumynyň, «USAID Central Asia» maksatnamasynyň, Merkezi Aziýadaky Korollyk logistika we ulag institutynyň wekilhanasynyň wekilleri we köp sanly beýlekiler bar. Şeýle hem foruma Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, logistika kompaniýalary, talyplar gatnaşdylar.

Häzirki zaman mahabat hem-de beýleki täzeçil enjamlar bilen üpjün edilen bölümlerde guralan serginiň çäklerinde Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

«Türkmenawtoýollary» agentliginiň wekilleriniň Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary bilen geçiren duşuşygynda pandemiýadan soňky döwürde ulag we logistika ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, üstaşyr ulag ugurlarynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlary kesgitlenildi.

Giň möçberli çäräniň dowamynda döwlet edaralarynyň, deňiz, howa we gury ýer ulaglary boýunça ýöriteleşen edaralaryň ýolbaşçylarynyň BAE-niň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň we beýleki döwletleriň degişli ulag düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda ulag we logistika ulgamyny ösdürmek boýunça tejribe alşyldy hem-de özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi.

Şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň türkmen talyplary bilen duşuşygy guraldy. Duşuşygyň dowamynda ýaşlara BMG-niň we onuň Türkmenistanda işleýän düzümleriniň alyp barýan işi barada giňişleýin maglumat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň