Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara forum öz işine başlady

11:4703.05.2023
0
27705

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň guramagynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Oňa gatnaşyjylar ilki Prezident Serdar Berdimuhamedowyň forumyň açylmagy mynasybetli iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Döwlet Baştutany Gutlagynda bu halkara forumyň Türkmenistanyň köpugurly halkara ulag-üstaşyr we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak başlangyçlaryny goldamaga, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirýär.

Forumyň açylyş dabarasynda sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Maglumatlara görä, bu halkara foruma gatnaşmak üçin 700-den gowrak adam hasaba alyndy. Olardan 100 töweregi çärä onlaýn görnüşde gatnaşar.

Halkara forumda «Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika pudagyny dikeltmek: täze kynçylyklar we mümkinçilikler», «Ulag we aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak we onuň geljegine göz aýlamak», «Durnukly ulag ulgamynyň daşky gurşaw talaplary. «Ýaşyl» infrastrukturany ösdürmekde döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti», «Ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylym-bilimiň orny» ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Çäräniň barşynda guralan sergi foruma gatnaşýan kompaniýalar üçin özara pikir we tejribe alyşmak, şeýle-de halkara ulag infrastrukturasynyň ösmegine goşant goşýan täze tehnologiýalary we önümleri, döwrebap hyzmatlaryny hödürlemek babatda ajaýyp mümkinçilik boldy. Olaryň hatarynda «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Cargo Lux» halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) wekilleri bar.

Halkara foruma gatnaşýan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çäräniň barşynda dürli taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle-de forum ulag infrastrukturasynyň ösdürilmeginde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýetli wakadyr.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi ertir — 4-nji maýda hem öz işini dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň