Dünýäde amerikan dollaryndan kem-kemden ýüz öwrülýändigi duýulýar. Bu barada Halkara Pul Gaznasynyň paýlaýjy-direktory Kristalina Georgiýewa Waşington şäherindäki Milkeniň seljeriş meýdançasynda pikir alyşmalaryň barşynda habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
Bu puluň ählumumy möçberde ulanhylmagynyň geljegi barada söz açyp, Georgiýewa meseläniň aýratyn ynjalyksyzlanma döretmeýändigini nygtady.
«Hakykatdanam, dollardan kem-kemden ýüz öwrülýändigi hasaba alynýar, emma ony çalşyp biljek pul görmeýärin. Iň bolmanda, golaý wagtda» diýip, paýlaýjy direktor belledi.
Russiýa garşy girizilýän saksiýalar bilen baglylykda, dollara ynam pese gaçýar diýip, neşir ýazýar.
Häzirki wagtda ýurtlaryň köpüsi hasaplaşyklarda dollary ulanmagy azaltmaga çalyşýarlar. Russiýa halkara hasaplaşyklarda amerikan puluny ulanmakdan ýüz öwürdi.