Soňky habarlar

Arhiw

«Hekem» kompaniýalar topary resmi saýtyny täzeledi

10:0002.05.2023
0
32572

«Hekem» kompaniýasy («Hekem», «Hekem Audit» we «Adyl Hekem» kärhanalaryny özüne birleşdirýär) «Computer+» bilen hyzmatdaşlykda özüniň hekem.com.tm resmi saýtyny täzeledi.

Saýtda kompaniýa barada, Türkmenistanyň kanunçylygyny berk berjaý etmek bilen baglanyşykly alyp barýan iş ugurlary we işe bolan çemeleşmesi barada, şeýle hem halkara hil ülňülerine laýyklykda, ösen taktikalary we häzirki zaman tehnologiýalaryny aç-açan ulanmak arkaly islendik meselä professional taýdan gatnaşygy barada maglumatlar ýerleşdirilendir.

Ýörite bölümde «Hekem» kärhanalar topary tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň her biri, şol sanda kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleri, gozgalýan we gozgalmaýan emläklere baha bermek, riýeltorlyk meseleleri, degişli hukuk maslahatlary we resminamalaryň resmi terjimesi barada jikme-jik maglumat berilýär.

Kompaniýanyň işi bilen öňden tanyşlar üçin saýtyň «Täzelenmeler» bölümi gyzykly bolar, bu ýerde audit, gozgalmaýan emläk satyn almak we satmak we beýleki ugurlar bilen baglanyşykly aktual mowzuklar boýunça makalalar we habarlar yzygiderli ýerleşdirilýär. Şeýlelikde, «Hekem Audit» HK ýaňy-ýakynda täze hyzmaty – uzak aralykdan buhgalterlik goldawyny işe girizdi.

«Hekem» – dürli hyzmatlary hödürleýän 20 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan ygtybarly we ökde hünärmenleriň toparydyr. Türkmenistanyň işewürleri aşakdaky ugurlar boýunça doly we ygtybarly goldaw alyp bilerler:

  • kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň audit hyzmaty;
  • gozgalýan we gozgalmaýan emläklere baha bermek;
  • riýeltorlyk hyzmatlary;
  • resminamalaryň resmi terjimesi;
  • hyzmatlary kanuny taýdan goldamak;
  • buhgalterlik goldawy.

«Hekem – siziň kanuny goldawyňyz» şygary kompaniýaňyzyň ideologiýasyna gabat gelýär. Biziň hyzmatlarymyzyň maksady – dürli ugurlarda müşderleri professional taýdan goldamakdyr» diýip, «Hekemiň» direktory nygtady.

«Hekem» kompaniýasynyň ofisiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, 10 Ýyl Abadançylyk (öňki Moskowskaýa) köç., «Altyn asyr» söwda merkezi, 3-nji gat.

Telefonlar: (+993 12) 47 82 54, (+993 12) 47 81 15.

Elektron poçta: hekem.info@gmail.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň