Şu gün Halkara tans güni bellenýär

13:1729.04.2023
0
35295
Şu gün Halkara tans güni bellenýär
Surat: sassymamasg.com

Halkara tans güni (International Dance Day) 1982-nji ýyldan bäri her ýylyň 29-njy aprelinde bellenip gelinýär, ol ÝUNESKO-nyň Halkara Teatr institutynyň başlangyjy boýunça esaslandyryldy diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

1727-nji ýylyň 29-njy aprelinde Parižde häzirki zaman balet tansyny esaslandyryjy Žan-Žorž Nowerr dünýä indi (1727-1810). Ol operadan garaşsyz, tans bilen ýerine ýetirilýän sahna eserini, ýagny balet goýmagyň gözbaşynda durdy.

Nowerr 80-den gowrak balet eserini sahnalaşdyrdy. Olaryň köpüsi nusgawy balet eserleri diýlip yglan edildi. Nowerriň özgertmeleri dünýä baletiniň ösüşine aýgytly täsir etdi.

Her ýyl däp bolşy ýaly, Halkara tans gününde meşhur tans goýujylaryň ýa-da tansçylaryň biri dünýä jemgyýetçiligine ýüzlenme bilen çykyş edýär. Ol Halkara tans isntituty geňeşi tarapyndan saýlanýar. Ýüzlenme köp dillere terjime edilýär we bütin dünýä ýaýradylýar. Onuň maksady tansy şöhratlandyrmak, syýasy, medeni we etniki päsgelçilikleri aradan aýryp, adamlary tansyň dili bilen birleşdirmekdir.

Ilkinji bolup, 1982-nji ýylda şeýle ýüzlenme bilen öňki Ýugoslawiýadan bolan balet artisti, tans goýujy we mugallym Henrik Neubauer çykyş etdi.

Şu ýyl şeýle ýüzlenmäniň awtory hökmünde Hytaýdan bolan tansçy zenan Ýan Lipin saýlanyp alyndy. Häzir Şanhaýda Halkara tans güni bilen baglylykda, dürli çäreler dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň