Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda maý aýynda nähili medeni çäreler geçiriler?

22:0428.04.2023
0
38725

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, indiki aýyň dowamynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary we beýleki dürli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär.

Aşgabatda we welaýatlarda Beýik Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, okuw ýylynyň tamamlanmagy we «Soňky jaň», Türkmen halysynyň baýramy, şeýle hem türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaralar, baýramçylyk duşuşyklary, forumlar, sergiler we konsertler geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly sergi, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginde «Türkmen halysy — türkmeniň kalby» atly Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisi geçiriler.

Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde halkara açyk internet olimpiadalaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem täze desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar meýilleşdirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, indiki aýda geçiriljek baýramlara, halkara forumlara we täze desgalaryň açylyşlaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň