Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi

21:5728.04.2023
0
23156
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, olaryň netijeleri, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Ilki bilen söz berlen wise-premýer H.Geldimyradow döwlet Baştutanynyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýerleriň hasabatlarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzümindäki kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, olary zerur bolan çig mal bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, döwlet Baştutanynyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli guraljak dabaralaryň tertibi, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralar barada aýdyldy.

Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory döwlet Baştutanynyň degişli Kararyna laýyklykda, 3-4-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýekşenbe güni — 30-njy aprelde Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden, dabaraly belleniljekdigini aýtdy.

— Türkmen halkynyň durmuşynda bedewlerimiz aýratyn möhüm orny eýeleýär. Behişdi bedewlerimiz gadymy topragymyzyň gudratydyr we bahasyna ýetip bolmajak milli buýsanjymyzdyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de atşynaslara arzuwlaryny beýan etdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň