Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenawtoulaglary» azerbaýjanly we gyrgyz kärdeşleri bilen ýük dolanyşygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy

16:5628.04.2023
0
34347
«Türkmenawtoulaglary» azerbaýjanly we gyrgyz kärdeşleri bilen ýük dolanyşygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy
Surat: awtoulag.gov.tm

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri azerbaýjanly kärdeşleri bilen Awtoulaglar boýunça Bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisiniň çäginde ýük daşamalarynyň artmagy barada pikir alyşdylar.

Ara alyp maslahatlaşma onlaýn ýagdaýda geçirildi. Onuň dowamynda iki edaranyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere hem ünsi çekildi diýip, Agentligiň metbugat gullugy habar berýär.

Soňra Agentligiň wekilleri Gyrgyz Respublikasyndan bolan kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Onlaýn ýagdaýdaky gepleşikleriň barşynda taraplar awtoulag ýük daşamalarynyň häzirki ýagdaýyny we awtomobil ulaglary arkaly daşalýan harytlaryň dolanyşygyny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny seljerdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň