Top.Mail.Ru

Bagşy Gurbandurdy Öwezowyň 60 ýaş ýubileýi bellenildi

11:4928.04.2023
0
21918

Türkmenabat şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk bagşysy, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň halypa mugallymy Gurbandurdy Öwezowyň doglan gününiň 60 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.

― Dabaranyň başynda Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Sakar şäheriniň Medeniýet merkeziniň bagşylar toparynyň ýolbaşçylary we halypa sungat işgärleri türkmen aýdym-saz sungatynda uly yz galdyran bagşyny doglan güni ― ýubileý dabarasy bilen gutladylar ― diýip, welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Timur Atakow «Turkmenportalyň» habarçysyna gürrüň berdi.

Dabaranyň dowamynda bagşynyň dürli ýyllarda döredilen aýdym-saz eserleri hem ýerine ýetirildi. Halypanyň dürli ýyllarda döreden «Jeýhun», «Nowjuwan» (sözleri Annagözel Ýagşyýewanyňky), «Mukam» (sözleri Kerim Annagulyýewiňki), «Mahmal gije» (sözleri Ýaban Saparowyňky), «Arkadagly Serdar bilen» (sözleri Halyk Jumadowyňky) ýaly aýdymlaryny welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň