Daşoguzda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

19:1027.04.2023
0
34910

Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Daşoguz atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň sekizisi geçirildi. Baýramçylyk at çapyşyklaryna gatnaşan myhmanlar Daşoguz atçylyk toplumynyň baş binasynyň öňündäki meýdançada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Şeýle-de suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, muzeý işgärleriniň, at esbaplaryny ýasaýanlaryň ýerine ýetirýän işlerini hem-de ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan edýän sergini synladylar.

Şanly sene mynasybetli geçirilýän at çapyşygynyň birinji çapyşygyna welaýatlardan we Aşgabat şäherinden gelen ýetginjek çapyksuwarlar gatnaşdylar. 1000 metr aralyga geçirilen ýaryş üç ýaşar atlar gatnaşdylar. Onda Aýjahan atly dor gysrak pellehana ilkinji gelmegi başardy. Aşgabat şäherine degişli bolan Aýjahanyň seýsi B.Amanow, çapyksuwary bolsa B.Çäşemow. Onuň görkezen wagty 1 minut 05,2 sekunda deň boldy. Ýeňijä «Şowly» monoblok kompýuteri gowşuryldy.

Ikinji çapyşyk Ahal welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda geçirildi. 1800 metr aralygyna geçirilen çapyşyga dört we uly ýaşar atlar gatnaşdylar. Bu çapyşykda Ahal welaýatynyň Ahal önümçilik birleşigine degişli bolan Köpetdag diýen gara at pellehana birinji bolup geldi. Onuň seýsi K.Hydyrow, çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparow. Köpetdagyň görkezen wagty laýyk 2 minut 02 sekunda deň boldy. Ýeňijä «Tolkun» telewizory we 50 000 manat gowşuryldy.

Dört we uly ýaşar atlaryň gatnaşmagynda 1800 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşyga Balkan welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlary gatnaşdylar. Bu çapyşykda Balkan welaýat polisiýa müdirligine degişli bolan Şöhratly diýen al at garşydaşlaryndan öňe saýlanmagy başardy. Şöhratlynyň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy R.Saparow, çapyksuwary bolsa ussat çapyksuwar B.Agamyradow. Ýeňijä «Tolkun» telewizory we 50 000 manat gowşuryldy.

Dördünji çapyşyk hem 1800 metr aralyga geçirildi. Dört we uly ýaşar atlaryň arasynda geçirilen at çapyşygyna Daşoguz welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlary gatnaşdylar. Onda Daşoguz atçylyk sport toplumyna degişli bolan Dorhan atly dor atly ýeňiji boldy. Dorhanyň seýsi E.Baýramow, çapyksuwary bolsa A.Garýagdyýew. Onuň görkezen wagty 2 minut 03,2 sekunda deň boldy. Ýeňijä «Tolkun» telewizory we 50 000 manat gowşuryldy.

Bäşinji çapyşyk hem dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralyga geçirildi. Bu çapyşyga Lebap welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlary gatnaşdylar. Çekeleşikli geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi Lebap welaýat häkimligine degişli bolan Guwanjym atly dor at boldy. Onuň seýsi Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary M.Taýlyýew, çapyksuwary T.Taýlyýew. Guwanjymyň görkezen wagty 2 minut 02,6 sekunda deň boldy. Ýeňijä «Tolkun» telewizory we 50 000 manat gowşuryldy.

Mary welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilen altynjy çapyşyk hem dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralyga geçirldi. Bu çapyşykda «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasyna degişli bolan Dorbegler atly gara ata ýeňiş ýaran boldy. Onuň seýsi W.Geldiýew, çapyksuwary S.Söýenjow. Dorbegleriň görkezen wagty 2 minut 03,3 sekunt. Ýeňijä «Tolkun» telewizory we 50 000 manat gowşuryldy.

Ýedinji çapyşyk Aşgabat şäheriniň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda geçirildi. 1800 metr aralyga geçirilen ýaryşa dört we uly ýaşar atlar gatnaşdylar. Bu çapyşykda Aşgabat şäher häkimligine degişli bolan Gerçek diýen dor at ýeňiş gazandy. Gerçegiň seýsi K.Hydyrow, çapyksuwary N.Azadow. Onuň görkezen wagty 2 minut 05,1 sekunda deň boldy. Ýeňijä «Tolkun» telewizory we 50 000 manat gowşuryldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyk at çapyşygynyň sekizinji çapyşygy halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirildi. Onda welaýatlardan, Aşgabat şäherinden gelen halypa çapyksuwarlar ýaryşda erk etjek bedewlerini bije çekmek esasynda saýladylar. Mary welaýatyndan halypa çapyksuwar Bäşim Rozyýewiň bijesine çykan Edepli diýen dor at toý gününde halypa çapyksuwarlaryň arasynda 1000 metr aralyga geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanmagy başardy. Ýeňijä Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulagyň açary we diplom gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň