Soňky habarlar

Arhiw

«Mançester Siti» APL-yň merkezi oýnunda «Arsenaly» utdy

09:5127.04.2023
0
28430
«Mançester Siti» APL-yň merkezi oýnunda «Arsenaly» utdy
Surat: sport-express.ru

«Mançester Siti» Angliýanyň premýer-ligasynyň 33-nji tapgyrynda «Arsenaly» uly hasap bilen ýeňdi. «Ettihad» stadionynda geçirilen oýun 4:1 hasabynda «şäherlileriň» peýdasyna tamamlandy.

Duşuşykda «Mançester Sitiniň» düzüminde Kewin De Bruýne (7-nji we 54-nji minutlar), Jon Stounz (45+1) we Erling Holland (90+5) tapawutlandy. «Arsenalyň» ýeke-täk jogap topy bolsa Rob Holding (86) tarapyndan geçirildi.

Şeýlelikde, «Mançester Siti» ähli ýaryşlardaky ýeňlişsiz oýunlarynyň seriýasyny 17 duşuşyga ýetirdi. Häzirki wagtda Pep Gwardiolanyň şägirtleri bir wagtyň özünde ÝÇL-de, APL-da we Angliýanyň Kubogynda hem kubok üçin göreş alyp barýarlar.

Ýeňlişe garamazdan, «Arsenal» 33 oýunda toplanan 75 utuk bilen APL-yň turnir tablisasynda liderlik edýär. Ikinji ýerdäki «Mançester Sitiniň» hasabynda bolsa 31 oýunda gazanylan 73 utuk bar.

Indiki tapgyryň oýnunda «Arsenal» 2-nji maý güni «Çelsi» bilen duşuşar. Öz gezeginde, şu tapgyrda öýünde «Brentforddan» 2:0 hasabynda ýeňlen «Çelsiniň» indiki möwsümde ÝÇL-e gatnaşmaga hukuk berýän orunlardan resmi ýagdaýda «el üzendigini» bellemek gerek. «Mançester Siti» bolsa 30-njy aprelde myhmançylykda «Fulhem» bilen güýç synanyşar. Eger-de «Mançester Siti» şol oýunda ýeňiş gazansa, «topçulary» yzda galdyryp, turnir tablisasynyň birinji basgançagyna geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň