Turkmenportal logo
26.04.23
4641746417
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Aşgabatda kabul edildi
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Aşgabatda kabul edildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.



Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Şeýle hem medeni ulgamda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet-sungat wekilleriniň işjeň gatnaşýan çäreleriniň ähmiýeti hem bellendi. Söhbetdeşler Awstriýanyň sungat günleriniň, konsertleriň we beýleki bilelikdäki çäreleriň mundan beýläk hem geçirilmeginiň möhümdigi barada umumy pikiri beýan etdiler.