«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Inçhona ilkinji ýük uçuşyny amala aşyrdy

14:3426.04.2023
0
34370

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň A330-200P2F uçary Aşgabat halkara howa menziline gondy. Howa gämisi Aşgabatdan (Türkmenistan) Inçhona (Koreýa Respublikasy) we yzyna ilkinji ýük uçuşyny amala aşyrdy diýip, Türkmenistanyň Koreýadaky ilçihanasy habar berdi.

Ýatlap geçsek, «Airbus» kompaniýasynyň «P2F» modifikasiýaly A330-200 ýük uçary 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen şertnama boýunça mart aýynda Türkmenistana iberildi.

Aprel aýynda «Türkmenhowaýollary» Wýetnam, Çehiýa we Germaniýa yzygiderli ýük gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň