Turkmenportal logo
26.04.23
3388133881
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Iordaniýada yşyk festiwaly geçýär
Iordaniýada yşyk festiwaly geçýärSurat: trip.com

Iordaniýada iri multimediýa yşyk festiwaly geçýär diýip, «Habar 24» ýazýar. Gadymy Pýotryň şäheriniň myhmanlary bu ýerde sazyň, dartgynly şekillerdir täsirli beýan etmeleriň sazlaşygyny özünde jemleýän 3D-şowhuna tomaşa etdiler. Baýramçylykda halkara artistleriň 9-sy awtorlyk çykyşlaryny görkezdiler. Olar öz işleri arkaly ýerli taryhy ýadygärlikleriň mundan 2 müň ýyl öňki durky bilen tanyşdyrdylar.


Yşyk şowhuny 3-nji maýa çenli dowam eder.