Soňky habarlar

Arhiw

«Russia Today Documentary» teleýaýlymy Türkmenistanda dokumental film surata düşürýär

11:2126.04.2023
0
25613

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi. Oňa atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada dokumental filmi surata düşürmäge Türkmenistana sapar bilen gelen «Russia Today Documentary» teleýaýlymynyň döredijilik işgärleri hem gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Hankerwen, Garaşsyz, Akýol, Meledag, Hanbeg, Kanun, Bereketli ýaly, ak, dor, gyr, mele dor bedewlere atlanan, dürli ýaşdaky ýigitdir gyzlar dürli akrobatik hem töwekgelçilikli hereketleri, öwrümleri ezberlik bilen çeýelikde ýerine ýetirdiler. At üstünde aşyrym atyp, öňürdikläp görkezdiler. Bir ýarym ýaşyndaky taýjagazlaryň bary-ýogy alty aýyň içinde ele alan tilsimlerini, öwredilen gönükmeleri görkezmegi hem ýygnananlary haýran galdyrdy.

On metr aralygy iň gysga wagtda iki aýakda ýöräp, Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Akhan bedewini toparyň çeper ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýewiň münüp, sirk sahnasyna çykmagy gollary galkandyr gylyçly jigitleriň buýsançly nyzamy bilen utgaşyp gitdi. Meşhur Akhanyň çarpaýa galmagy çykyşa aýratyn şowhun berdi.

«Russia Today Documentary» teleýaýlymynyň döredijilik işgärleri türkmen bedewlerine bagyşlanyp taýýarlanylýan dokumental filmiň örän täsirli boljakdygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň