Turkmenportal logo
26.04.23
1258012580
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: dört futbolçy öňe saýlanýar

3-nji tapgyryň duşuşyklary möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda dört futbolçynyň öňe saýlanyp başlandygyny görkezýär.


Has takygy, «Nebitçiden» Daýanç Orazgulyýew bilen Akmämmet Metdäýew, «Arkadag» toparyndan Didar Durdyýew we «Merwden» Alibek Abdyrahmanow möwsümde iki pökgüden geçirmegi başardylar.


Ýeri gelende aýtsak, 3-nji tapgyrdan soň möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 23-e çykdy. Biziň sanawymyzda möwsümde tapawutlanan 20-nji futbolçy hökmünde «Arkadag» toparyndan Orazberdi Myradowyň ady görkezilýär. Ol «Köpetdag» bilen geçirilen duşuşykda toparynyň dördünji pökgüsini geçiripdi.