Hindistanda erkek kişi rowaýaty «Titanik» gämisiniň görnüşinde öý gurdy diýip, «MIR 24» habar berýär.
Ýurduň Günbatar Bengaliýa diýen ýerinde ýaşaýan fermere Mintu Roý diýýärler, ol çagalygyndan gark bolan gäminiň görnüşindäki öýde ýaşamagy arzuw edendigini gürrüň berýär. Ol bu arzuwyny durmuşa geçirmek kararyna gelende, birgiden kynçylyklara duçar boldy. Mysal üçin, inženerleriň köpüsi onuň bilen işleşmek islemändir ýa-da çakdanaşa köp hak talap edipdir. Ahyrynda Roý özbaşdak işlemek kararyna gelipdir.
Ol daş örmegi öwrenmek üçin goňşy Nepala gidipdir, soňra gelip gurluşyga başlapdyr. Taslama ol 180 müň töweregi dollar harçlapdyr. Emma Mintu serişdesiniň ýetmeýändigi üçin 2010-njy ýylda başlan işini henizem tamamlap bilmeýändigini gürrüň berýär. Roý ruhdan düşenok, ol bir gün uly maşgalasy bilen «Titanige» göçüp barjakdygyna ynanýar, oňa uly ogly hem pul kömegini söz beripdir.
«Free Press Journal» portaly erkek kişiniň täsin öýüniň ikinji gatyny hususy işewürligi üçin peýdalanmakçydygyny ýazýar, Roý ol ýerde kiçiräk restoran açmakçy.