Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

14:5725.04.2023
0
38952

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli uzak aralyga atly ýöriş — marafon ýaryşy geçirildi. Oňa ahalteke atlarynyň 19-sy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan atlaryň onusy Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna, bäşisi Halkara ahalteke atçylyk-sport toplumyna, ikisi Milli atly sport merkezine, ikisi bolsa Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli.

Bäsleşige gatnaşan atlar üçin 60 kilometrlik menzil kesgitlendi. Bäsleşik ýaryşyň şertlerine laýyklykda iki tapgyrdan ybarat boldy. Olar birinji tapgyrda 30 kilometrlik ýoly geçdiler. Bu menzil geçilenden soň bäsleşige gatnaşyjylara ýarym sagatlyk dynç berildi. Arakesme wagtynda atlar doly suratda özlerini dürsäp ýetişmeli. Ýörite weterinar lukmanlaryň barlaglaryndan geçirilenden soňra, atlar bildirilýän talaplary ödeýän bolsa, onda olar bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmak hukugyna eýe bolýarlar.

Atlar bäsleşigiň ikinji tapgyryndan gelenlerinden soň, ýene-de weterinar lukmanlar tarapyndan atlaryň gyzgynlyk derejesi, ýürek urgusy barlanylyp netije çykarylýar. Bäsleşigiň dowam edýän pursaty ýörite kesgitlenen ýoluň belli-belli ýerlerinde gözegçilik edýän ýörite eminleriň duýduryşlary, ýaryşyň talaplary, düzgünleri türgenler tarapyndan doly berjaý edilmeli. Eger-de düzgünleri, talaplary berjaý etmedik türgenler ýaryşyň çykarylyp, indiki tapgyra goýberilmeýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilmegi däbe öwrülen marafon ýaryşynyň ahyrynda eminler toparynyň gelen gutarnykly netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Toýlymyrat Babaýewiň erk eden 2015-nji ýylda doglan Gaýduw atly gara aty ýeňiji diýlip yglan edildi. Gaýduw Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolup, onuň seýsi hem-de türgeni Toýlymyrat Babaýewiň özi. Gerden hem-de Ýelöwser diýen atlaryň nesli bolan Gaýduw bellenilen aralygy 2 sagat 36 minut 21 sekuntda geçmegi başardy. Marafon ýaryşynyň ýeňijisiniň toý serpaýy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän güni gowşurylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde geçirilen uzak aralyga atly ýöriş, ýagny marafon ýaryşynyň dowam edýän pursaty Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik-folklor tans toparynyň, Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň «Dürdäne» tans toparynyň, şeýle-de aýdymçydyr sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şatlygyny has-da artdyryp, marafon ýaryşyna tomaşa etmäge gelen myhmanlaryň toý şatlygyny goşalandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň