Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň ilkinji çempionatynyň bijesinde üçünji sebetçeden orun aldy

23:0424.04.2023
0
31761

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň ilkinji çempionatynyň bijesinde üçünji sebetçeden orun aldy.

Ýaryşa jemi ýedi topar, ýagny Türkmenistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary gatnaşar.

Şunlukda, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Owganystanyň milli ýygyndysy bilen duşuşmaz.

CAFA Nations Cup 2023 ýaryşyna bije çekmek dabarasy 26-njy aprelde, Aşgabat wagty bilen sagat 14:00-da başlanar. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär.

Ýaryş şu ýylyň 9-21-nji iýuny aralygynda Bişkek we Daşkent şäherlerinde geçiriler.

Bijäniň netijelerine görä, gatnaşyjylar iki topara bölünerler. «A» toparçanyň (dört topardan ybarat) oýunlary Daşkent (Özbegistan) şäherinde, «B» toparçanyň (üç topardan ybarat) oýunlary bolsa Bişkek (Gyrgyzystan) şäherinde geçiriler.

Ýaryşyň geçiş tertibine laýyklykda, toparçalaýyn tapgyrdaky oýunlar aýlaw görnüşinde geçirilip, bir aýlawdan ybarat bolar. Soňra toparçalaryň ýeňijileri finalda, toparçada ikinji orny eýelänler bolsa üçünji orun üçin duşuşykda meýdança çykarlar.

«CAFA Nations Cup 2023» ýaryşynyň bije sebetçeleri:

  • 1-nji Sebetçe: Eýran, Özbegistan (toparçanyň ýer eýesi).
  • 2-nji Sebetçe: Gyrgyzystan (toparçanyň ýer eýesi), Täjigistan.
  • 3-nji Sebetçe: Türkmenistan, Owganystan.
  • 4-nji Sebetçe: Oman.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň