Şu gün türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat atçylyk-sport toplumynyň açyk manežinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa birinji tapgyra gatnaşan 45 atyň içinden bäsleşigiň bildirilen talaplaryna laýyk gelip, öňe saýlanan atlaryň 20-si gatnaşdy.
Bäsleşige gatnaşýan atlar gözellik meýdançasyna iki tapgyrda çykdylar. Birinji tapgyrda ahalteke bedewleri asyl durkunda gözellik meýdançasyna çykyp, özleriniň owadan syratyny görkezdiler. Ikinji tapgyrda bolsa, olar altyn-kümüş şaý-seplerine, beýleki at esbaplarydyr bezeglerine beslenip gözellik meýdançasyna geldiler.
Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna Gyrsakaryň, Fakirpälwanyň, Gaplaňyň, Gelşikliniň, Pereňiň, Eýeberdi Telekäniň, Arabyň, Posmanyň ugrundan bolan atlar gatnaşdylar.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp boljak atlaryň 10-sy bäsleşigiň jemleýji, ýagny üçünji tapgyryna gatnaşar. «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» bolsa ýakynda geçiriljek baýramçylyk dabarasynda yglan ediler.