Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynda 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.
2-nji tapgyrda «Energetigi» 2:0 hasabynda ýeňen «Köpetdag» utugyny 6-a çykaryp, ýaryş tertibiniň başyny çekýär.
Ikinji orunda 4 utukly «Altyn asyr» bar, topar şu tapgyrda täze möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Türkmenistan derbisinde «Ahaldan» 2:0 hasabynda üstün çykdylar.
4 utukly toparlaryň ýene biri ― Balkanabadyň «Nebitçisi» «Şagadamy» 2:1 hasabynda ýeňip, üçünji orna göterildi.
«Arkadag» futbol topary ilkinji resmi duşuşygynda Mary şäheriniň «Merwini» ýeňip, bada-bat ýaryş tertibiniň dördünji basgançagynda ýerleşdi. «Arkadag» toparyndan başga-da, «Aşgabat» bilen «Ahalda» hem 3 utuk bar.
Ilkinji iki tapgyrdan soň «Şagadamda», «Merwde» we «Energetikde» heniz utuk ýok.
Milli çempionatda 3-nji tapgyryň duşuşyklary 25-nji aprelde geçiriler. Tapgyrda «Merw» «Ahaly», «Köpetdag» «Arkadag» toparyny, «Şagadam» «Energetigi», «Aşgabat» bolsa «Nebitçini» kabul eder.
Ýaryş tertibi
№
Toparlar
O
Ý
D
U
P
Utuk
1.
«Köpetdag»
2
2
0
0
4-1
6
2.
«Altyn asyr»
2
1
1
0
2-0
4
3.
«Nebitçi»
2
1
1
0
2-1
4
4.
«Arkadag»
1
1
0
0
2-1
3
5.
«Aşgabat»
1
1
0
0
1-0
3
6.
«Ahal»
2
1
0
1
1-2
3
7.
«Şagadam»
2
0
0
2
2-4
0
8.
«Merw»
2
0
0
2
1-3
0
9.
«Energetik»
2
0
0
2
0-3
0
