Turkmenportal logo
19.04.23
3714937149
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aýy howluda dynç alyp ýatan öý eýesini gorkuzdy
Surat: pethelpful.com

Amerikanyň Demirgazyk Karolina ştatynda aýy howla girdi hem-de ol ýerde dynç alyp ýatan öý eýesini gorkuzdy diýip, «Habar 24» ýazýar.



Surat:outkick.com


Köçe kamerasyndan alnan wideogörnüşlerde aýynyň öý eýesinden bihabar onuň gapdalyndan geçip gidişi görünýär. Birdenkä erkek adamyň aýa, aýynyň hem oňa gözi düşýär, olar birek-birege birnäçe sekuntlap haýran galmak bilen seredýärler. Soňra dessine ikisi-de dürli tarapa ýazzyny berýärler. Emma aýy gaçmazdan öňürti ýabany guşlar üçin howluda goýlan iýmden garbanmaga ýetişýär.