Soňky habarlar

Arhiw

HPG: BRIKS ýurtlary dünýäniň ykdysady ösüşiniň üçden bir bölegini üpjün eder

16:2019.04.2023
0
29297
HPG: BRIKS ýurtlary dünýäniň ykdysady ösüşiniň üçden bir bölegini üpjün eder
Surat: mir24.tv

Üstümizdäki ýylda BRIKS halkara guramasyna agza döwletler ählumumy ösüşiň 32 göteriminden gowragyny üpjün eder, G7 döwletlerine bolsa ösüşiň 30 göteriminden azragy degişli bolar diýip, Halkara Pul gaznasynyň bilermenleri hasaplaýarlar.

«2023-nji ýylda Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika ösüşiň 32,1 göterimini, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Kanada, Fransiýa, Ýaponiýa we ABŞ 29,9 göterimini üpjün ederler. 2028-nji ýylda bu görkezijiler degişlilikde, 33,6 (BRIKS) we 27,8 göterimi (G7) düzer» diýlip, edaranyň seljerijileriniň çap eden nutugynda bellenýär.

Nutukda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde Hytaýyň paýynyň ýokary boljakdygy bellenýär, ýagny HHR-iň dünýäniň JIÖ-indäki paýy 22,6 göterim bolar.

Geçen hepdede Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa BRIKS guramasynyň agza ýurtlarynyň arasynda söwdada ulanmak babatda dollary çalyşjak puly saýlap almak baradaky teklip bilen çykyş edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň