Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa Hindistanyň Bhubaneswar sebitinde geçirilen tennis boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ilima yklym ýaryşynda Merkezi we Günbatar Aziýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş etdi. Türkmenistanly ýetginjek bu üstünligine özbegistanly Emiliýa Kim bilen bilelikde eden çykyşy netijesinde eýe boldy.
Ýeri gelende bellesek, Ilima ýylyň başynda geçen sebit derejesindäki ýaryşlarda toplan utuklarynyň netijesinde, Merkezi we Günbatar Aziýanyň ýygyndysynda çykyş etmek hukugyna eýe bolupdy. Şonda oňa Halkara Tennis federasiýasy çakylyk ýollapdy.
Yklymyň Merkezi we Günbatar sebitiniň ýygyndysyndan başga-da, Gazagystandan, Indoneziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gonkongdan, Koreýa Respublikasyndan, Kuweýtden, Malaýziýadan, Şri-Lankadan, Siriýadan, Tailanddan, Wýetnamdan, Günorta, Günorta-Gündogar hem-de Gündogar Aziýadan iň zehinli ýetginjekleri bir ýere jemlän ýaryş 4-nji aprelde başlady.