Soňky habarlar

Arhiw

Dzýudo boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan 8 türgen gatnaşar

17:1417.04.2023
0
42961

Halkara dzýudo federasiýasy 3 ― 7-nji maý aralygynda geçiriljek dünýä çempionatyna Türkmenistandan 8 türgeniň gatnaşjakdygyny tassyklady.

Dünýä çempionaty bu gezek Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler. Oňa yklymlaryň bäşisinden 84 döwletden 513 türgen gatnaşar.

Dünýä çempionatynda Türkmenistandan erkekleriň arasyndaky ýaryşda Aýbek Omirow, Hakberdi Jumaýew (ikisi hem 60 kg-e çenli agramda), Hekim Agamämmedow we Serdar Rahymow (ikisi-de 66 kg-e çenli agramda) dagy dünýäniň çempionlygy ugrunda bäsleşer. Gyzlardan bolsa Aksoltan Hojageldiýewa, Saýara Rozyýewa (ikisi hem 60 kg-e çenli agramda), Maýsa Pardaýewa hem-de Zülhumar Daşkinowa (-66 kg-e çenli agramda) dagy çempionlyk göreşini alyp barar.

Çempionat türkmenistanly dzýudoçylara 2024-nji ýylyň Pariž olimpiadasyna gatnaşmak üçin zerur ballary toplamaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň